Arzuwly Jaýlar

Aşgabat · Baba Annanow jaý 99

82 bildiriş · 11 riýeltor

Kompaniýa barada

"Arzuwly jaýlar" H.K. 10 ýylyň dowamynda ýokary hilli rieltorçylyk we maslahat beriş hyzmatlaryny hödürleýän Türkmenistandaky iň gowy gozgalmaýan emläk agentligidir. Biz ýaşaýyş we täjirçilik maksatly emläkleri satmakda ýa-da satyn almakda ilata kömek berýäris we müşderini geleşigiň ähli tapgyrlarynda: emläk saýlamakdan ýa-da alyjy tapmakdan başlap, tä notarial edarasynda resminamalara gol çekilýänçä ugradyp barýarys. Şeýle hem, biz ýaşaýyş we täjirçilik maksatly emläkleri kärendä bermek bilen meşgullanýarys: biziň binamyzda bar bolan öýler, kottejler, ofis we söwda meýdançalarynyň arasyndan islendik maksat üçin we islendik möhlet weagtlaýyn kärende jaýlaryny tapyp bilersiňiz. Biziň hyzmatlarymyz Kompaniýamyzyň ştatynda Aşgabadyň gozgalmaýan emläginiň dürli görnüşleri boýunça hünärmenleşen ýuristler, rieltorlar, maslahatçylar we menejerler işleýärler. Biz müşderilerimize aşakdakylary hödürlemäge taýýardyrys: - Ýuridik maslahatlar; - Geleşikleri resmileşdirmek we goldamak; - Gozgalmaýan emlägi bahalandyrmak; - Ýaşaýyş ýa-da täjirçilik maksatly jaýlary saýlamakda kömek; - Öýi ilkinji gezek resmileşdirmek, gaýtadan resmileşdirmek, hususylaşdyrmak, alyp-satmak, miras galdyrmak we sowgat etmek üçin resminamalary toplamak. Biz emlägi satmak/satyn almak bilen bagly islendik meseläni çözmäge ukyplydyrys. Biz bilen Tiz! Bähbitli! Ynamly!